Türkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze möwsümini açyp, tomaşaçylara baý mazmunly çykyşlary hödürlär.
Täze maksatnamanyň çäklerinde halkara sirk festiwallarynyň altysynda ýeňiji bolup, baş baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary görkeziler.
Şeýle-de tomaşaçylar dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen, ýörite tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
Goşmaça maglumat almak we petekleri sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bolýar: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.