Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gözälow Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändiginden hoşallyk bildirildi. Taraplar şäher gurluşygynda sanly meýilleşdirmegi, infrastruktura taslamalaryny sanly dolandyrmagy, ulag ulgamlaryny dolandyrmakda emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmagy we bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda şäher dolandyryşynda sanly özgertmeleriň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy giňeltmegi, häzirki zaman sanly çözgütlerini ulanmagy we geljekki bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini hem gözden geçirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gözälow mähirli kabul edilendigi we duşuşyk üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa minnetdarlygyny bildirdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.