Türkmen halkynyň durmuşynda ene topraga söýgi, zähmete hormat we bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmek gadymdan gelýän asylly däpleriň biridir. Tejribeli bagbanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde miweli baglar gözelleşip, ilatyň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşulýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň bagbanlary ýokary netijeleri gazanmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Bahar paslynda ir ýetişýän miwelerden bol hasyl ýygnalan bolsa, häzirki günlerde şetdaly, alça, garaly, alma, armyt ýaly miweleriň dürli görnüşleriniň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Saýat etrabynyň kärendeçi-bagbanlary hem bu ugurda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşigi miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde diňe bir welaýatyň däl, eýsem, ýurdumyzyň öňdebaryjy hojalyklarynyň biri hökmünde tanalýar. Bu ýerde bagçylyk boýunça tejribe-synag işleri alnyp barylýar, täze görnüşleri ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle ussat bagbanlaryň biri hem Çarbagdepe geňeşliginiň Miweçiler obasynyň ýaşaýjysy Ruslan Açylowdyr. Ol 20 ýyldan gowrak wagt bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp, bu ugurda uly tejribe toplady.
Ruslan Oçylow miweli we saýaly agaçlaryň täze görnüşlerini ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça yzygiderli gözleg işleri alyp barýar. Onuň geçiren synaglary oňyn netijeleri berip, bagçylyk pudagynyň ösdürilmegine goşant goşýar.
Ussat bagbanyň zähmeti, tejribesi we tebigata bolan söýgüsi ýaş nesil üçin görelde bolup durýar. Halk arasynda aýdylýan «Bagban bagyndan belli» diýen pähim hem bagyň berekediniň, onuň eýesiniň yhlasyna baglydygyny ýene bir gezek tassyklaýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.