
Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde täze taryhy wakany — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagyny dabaralandyrýan «Bagta barýan ak ýollar» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamyndaky nobatdaky üstünliginiň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini açyp görkezdi.
Maslahatda çykyş edenler täze açylan ýokary tizlikli ýoluň diňe bir döwrebap düzüm desgalary bolman, eýsem ýurdumyzyň sebitara ykdysady gatnaşyklaryny täze basgançaga çykarjak strategik ýoldygyny nygtadylar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Lebap welaýatynyň hem ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we ilat üçin amatly gatnaw şertlerini döretmekde uly orun eýeleýär.
Çärä ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim berijiler we ýaşlar gatnaşdy. Söhbetdeşlikleriň dowamynda täze ýoluň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyryşy barada durlup geçildi. Ýaşulylaryň nesihatlary we ýaşlaryň buýsançly çykyşlary dabaranyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Maslahatyň ruhybelentlikde geçmegine mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary aýratyn öwüşgin berdi. Watany we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän çykyşlar, täze açylan ýoluň halkymyz üçin hakyky "bagt ýoluna" öwrülendiginiň nyşany bolup ýaňlandy.
.
Keywords