Lebap welaýatynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde amala aşyrylýan iri gaz taslamalary Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýangyç-energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň çäklerinde alnyp barylýan işler ýurduň gaz pudagynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we eksport infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir.
«B» blogunda täze önümçilik kuwwatlyklary döredilýär
Gaz pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmakda «B» blogunyň günbatar bölegindäki alty sany ýatagyň toplumlaýyn özleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Taslama Gyshtuwan, Günbatar Gyshtuwan, Gadyň, Demirgazyk Gadyň, Gündogar Iljik we Iljik meýdançalaryny öz içine alýar.
Umumy maýa goýum möçberi 280 million ABŞ dollaryna deň bolan taslama 22 sany ulanyş guýusyny burawlamagy we ýylda 1,8 milliard kubmetr tebigy gaz çykarmaga niýetlenen önümçilik ulgamyny döretmegi göz öňünde tutýar.
Gurluşyk işleriniň dowamynda 22 sany guýy stansiýasy, şeýle hem Iljik, Gündogar Iljik we Gyshtuwan ýataklarynda gaz ýygnamak stansiýalary bina edildi. Gadyň ýatagynda bolsa esasy gaz ýygnamak stansiýasy döredildi.
Gadyň baş stansiýasynda suwy we gaz kondensatyny bölüp aýyrmak üçin döwrebap tehnologik enjamlar oturdyldy. Bu enjamlar gije-gündiziň dowamynda 5,5 million kubmetre çenli gazy deslapky taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Taýýarlanan gaz täze gurlan 77 kilometrlik turbageçiriji arkaly 1-nji gaz gaýtadan işleýän zawodyň bäşinji tehnologik liniýasyna iberilýär. Soňra ol 69 kilometr uzynlykdaky gaz geçiriji arkaly basyşy ýokarlandyryjy kompressor stansiýasyna ýetirilýär we gaz ölçeg stansiýasyndan geçirilenden soň eksporta ugrukdyrylýar.
Şeýle hem taslamanyň çäklerinde uzynlygy 87 kilometre deň bolan aýratyn turbageçiriji arkaly çykarylýan kondensat soňraky gaýtadan işlemek we ýerlemek üçin ýöriteleşdirilen durnuklaşdyryş desgasyna iberilýär.
Önümçilik bilen birlikde durmuş infrastrukturasyna hem üns berilýär
Taslama diňe bir gaz çykarmak we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen desgalary däl, eýsem ýangyn söndüriji we gazdan halas ediş stansiýalaryny, suw üpjünçilik desgasyny, döwrebap ýaşaýyş toplumyny hem-de zerur durmuş infrastrukturasyny öz içine alýar.
Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi netijesinde sebitde takmynan 200 sany täze iş orny döredildi. Bu bolsa Lebap welaýatynda ilatyň iş bilen üpjünçiligine goşant goşýar.
9 milliard dollardan gowrak maýa goýum
«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň özleşdirilmeginiň taryhy 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy bilen başlanýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bolsa Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi we ilkinji gaz gaýtadan işleýän zawod işe girizildi.
Şondan bäri taslama gönükdirilen göni maýa goýumlarynyň umumy möçberi 9 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde 47 sany gazly gurluş ýüze çykaryldy we tebigy gazyň geologik gorlarynyň 570 milliard kubmetrden gowrakdygy tassyklanyldy.
Häzirki wagtda şertnamalaýyn çäkde ýylda jemi 14,5 milliard kubmetr harytlyk gaz öndürmäge ukyply iki sany iri gaz gaýtadan işleýän zawod hereket edýär. Taslama durmuşa geçirilip başlanaly bäri çykarylan gazyň umumy möçberi bolsa 133 milliard kubmetrdan geçdi.
Bu görkezijiler «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň Türkmenistanyň gaz senagatyndaky ornuny we ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmekdäki ähmiýetini görkezýär.
Ýerli hünärmenleri taýýarlamak we durmuş taslamalary
Önümçilik we infrastruktura taslamalary bilen bir hatarda, ýerli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Kompaniýanyň işgärleriniň düzüminde Türkmenistanyň raýatlarynyň paýy 90 göterimden geçýär. Olaryň köpüsi inžener-tehniki we ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekýär.
Taslamanyň potratçysy türkmen hünärmenleriniň gatnaşygyny giňeltmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaş işgärleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Şol maksat bilen Türkmenistanyň ýaş raýatlary Hytaýyň Nebit uniwersitetinde bilim almaga iberilýär.
Korporasiýa Lebap welaýatynda durmuşa geçirilýän durmuş taslamalaryna hem gatnaşýar. Bu işler önümçilik hyzmatdaşlygyny sebitde durmuş-ykdysady ösüş bilen utgaşdyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistan bilen Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi
Iki ýurduň arasynda ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ynanyşmak häsiýetli syýasy dialog hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan bilen Hytaý täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, tebigy gazyň üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmek we sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.
«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde alnyp barylýan işler tebigy baýlyklary netijeli özleşdirmek, döwrebap önümçilik infrastrukturasyny döretmek, hünärmenleri taýýarlamak we täze iş orunlaryny açmak ýaly ugurlaryň özara utgaşdyrylýandygyny görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.