Ýerli önümçiligiň ösdürilmegi, halkyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň hususy pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Bakjam söwda» hususy kärhanasy önümçilik ugurlaryny yzygiderli giňeldip, alyjylara dürli görnüşli azyk önümlerini hödürleýän kärhanalaryň birine öwrüldi.

Kärhana öz işine dürli görnüşli doňdurmalary we süýjülik önümlerini, şol sanda tortlary öndürmekden başlady. 2010-njy ýylda bolsa täze şahamçanyň işe girizilmegi bilen elin etden börek taýýarlamak önümçiligi hem ýola goýuldy.

«Bakjam» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzyň söwda merkezlerine ýetirilýän börekler alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Agramy 1 kilogram we 500 gram bolan önümler taýýarlanyşynyň hem-de tagamynyň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Kärhananyň önümçilik ugurlary 2018-nji ýylda ýene-de giňeldildi. Şol ýyldan başlap, ýörite usulda ýuwlup-arassalanan we gaplanan gök önümler hem-de miweler söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenip başlandy.

Önümleriň görnüşleriniň arasynda duz we dürli ýakymly ys beriji goşundylar bilen taýýarlanan hyýar, pomidor, kelem-käşir ýaly işdäaçarlar aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem kärhanada malina, böwürslen, gara smorodina, ýertudana we ülje ýaly miwelerden mürepbe hem-de goýy şerbetler taýýarlanylýar.

Önümleriň arassalygyna, gaplanyşyna we hiline üns berilmegi «Bakjam söwda» hususy kärhanasynyň önümçilik işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Kärhananyň dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmegi içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we ýerli önümçiligiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär.

«Bakjam söwda» hususy kärhanasynyň önümçilik tejribesi hususy pudakda azyk senagatynyň dürli ugurlarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini, täze önümleriň önümçilige girizilýändigini görkezýär.