
Türkmenistanyň günbatar sebitinde halkara we sebitara ähmiýetli täze ulag geçelgesiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Balkan welaýatynyň çäginde gurulýan «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» awtomobil ýoly doly ulanmaga berleninden soň, sagatda 580, bir gije-gündiziň dowamynda bolsa 14 müň awtoulaga çenli ýokary hilli hyzmat etmäge ukyply bolar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde giňişleýin habar berilýär.
Bu iri möçberli düzümleýin taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar. Jemi uzynlygy 250 kilometre golaý bolan täze awtomobil ýolunyň gurluşyk işlerini doly tamamlamak we ony 2028-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulýan bu ýoluň ugrunda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler dörediler. Taslama laýyklykda, ýol boýunda 8 sany döwrebap awtobus duralgasy, birnäçe ýangyç guýujy beketler, şeýle hem zerur bolan durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlar.
Haraketiň we howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, awtoýoluň garşylykly hereket zolaklary biri-birinden ýörite beton çäkleri arkaly goralyp bölüner. Mundan başga-da, ýoluň iki tarapynda hem ulaglaryň ygtybarly hereketini gazanmak üçin päsgelçiliksiz gorag germewleri gurnalar.
Bu täze awtoýol ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da giňeltmekde we goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýelär.
Keywords