
Müşderileriň gyzgyn söýgüsine we ynamyna mynasyp bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly dokma toplumy özüniň önümçilik kuwwatyny barha artdyrýar. Şu güne çenli dünýä bazarynda ykrar edilen «Merw» brendi astynda arassa pagtadan ýokary hilli ýüpek ýaly ýumşak süpürgiçleri, aşhana toplumlaryny we maşgala agzalary üçin niýetlenen rahat hammam pellerini (halatlaryny) öndürip gelýän kärhana, indi önümçiligiň täze tapgyryna gadam basdy.
Fabrigiň binýadynda düýe ýünün we geçi titiwisini (pamygyny) gaýtadan işleýän, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik sehiniň işe girizilmegi toplumy bütinleý täze derejä göterdi. Bu ýerde Italiýanyň dünýä belli «Cormatex» kompaniýasynyň iň soňky nesil enjamlary gurnaldy. Bu döwrebap tehnologiýa dürli galyňlykdaky reňklenen we tebigy (reňklenmedik) ýüň ýyplyklaryny ýokary hilde öndürmäge mümkinçilik berýär.
Ýüňi gaýtadan işlemegiň doly tapgyrynyň ýola goýulmagy kombinatyň diňe bir önümçilik däl, eýsem eksport kuwwatyny hem has-da berkider. Şeýle hem çig maly göni döwlet we hususy maldarçylyk hojalyklaryndan satyn almak meýilleşdirilýär. Bu ykdysady ädim taýýar önümleriň özgindelik bahasyny (özüne düşýän gymmatyny) ep-esli peseltmäge we içerki bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Ýurtda döredilýän bu täze önümçilik zynjyry milli ykdysadyýetimiziň we dokma senagatynyň ösüşine saldamly goşant bolar.
Hakyky we täze önümleriň nusgalary ýakynda geçiriljek «Turkmen Textile Expo 2026» halkara sergisinde giň jemgyýetçilige tanyşdyrylar. Baýramaly dokma toplumy bu abraýly çäräniň esasy gatnaşyjylarynyň biri bolar we sergä gelýän myhmanlar hem-de pudak hünärmenleri fabrigiň täze taslamalaryna ýokary baha berip bilerler.
Emma täze we nusgawy önümler bilen tanyşmak hem-de olary satyn almak üçin sergini garaşmak hökmany däl. Häzirki wagtda «Merw» brendiniň pagtadan taýýarlanan ähli önümleri we täze görnüşleri dokma.tm onlaýn platformasynda sarp edijilere garaşýar. Internet arkaly amala aşyrylýan söwda ulgamy ýokary hilli we ekologik taýdan arassa watan önümlerini tiz we amatly bahadan sargyt etmäge şert döredýär.
Keywords