
Ispaniýanyň meşhur «Barselona» futbol kluby gazagystanly ýaş hüjümçi Karim Mendikanow bilen resmi şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Bu taryhy waka gazagystanly futbolçynyň dünýäniň iň abraýly klublarynyň birine goşulan ilkinji ýagdaýy boldy.
14 ýaşly zehinli futbolçy 2026/27 möwsüminden başlap, «Barselonanyň» meşhur futbol akademiýasynda öz başarjaňlygyny kämilleşdirer. Özüniň täze topary bilen şertnama gol çekişen pursatynda sosial ulgamlardaky sahypasynda duýgularyny paýlaşan Mendikanow, bu pursadyň özüniň uzak ýyllaryň dowamynda arzuw eden wakasydygyny aýtdy.
Karim Mendikanow futbol älemine täze gelen däldir. Ol mundan ozal Ispaniýanyň «Serdanýola» we «San Kugat» klublarynyň ýaşlar toparlarynda çykyş edip, özüniň oýun ussatlygyny görkezmegi başarypdyr. Şeýle hem, onuň zehini milli derejede hem nazara alnyp, şu ýylyň aprel aýynda Gazagystanyň 16 ýaşa çenli milli ýygyndysyna çagyrylypdy.
Bu ädim gazagystanly ýaşlar üçin uly ruhubelentlik bolup, «Barselonanyň» akademiýasynyň dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän zehinleri ýüze çykarmakdaky täsiriniň ýene bir subutnamasy hasaplanýar.
Keywords