16–21-nji noýabr aralygynda Mary welaýatynyň «Baýramaly» şypahanasynda küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri ýaryşynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Dürli ýaşdaky we taýýarlyk derejeli 212 küştçini bir ýere jemlän bu bäsleşik sebit ýaryşlarynyň senenamasynda eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär.

Ýaryş Şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Her oýun üçin 60 minut wagt berlip, her göçüm üçin goşmaça 30 sekunt goşuldy. Açyk kategoriýada 130, zenanlaryň arasynda bolsa 82 küştçi çykyş etdi. Esasy we çagalar toparlaryndan başga-da, 50 ýaşdan hem-de 60 ýaşdan geçen weteranlaryň arasynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşik guraldy.

Açyk kategoriýada 9 mümkin bolan utukdan 8 utuk gazanan sport ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýew birinji orna mynasyp boldy. Şahruh Turaýew 7,5 utuk bilen ikinji, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew bolsa 7 utuk bilen üçünji orny eýeledi.

Zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni 9 utukdan 8,5 utuk toplan Mähri Agamyradowa görkezdi. Jennet Ýalkanowa 7 utuk bilen ikinji ýeri eýeledi. Şonça utuk toplan Ogulsuraý Baýrambaýewa goşmaça görkezijiler boýunça üçünji orna mynasyp boldy.

Weteran küştçüleriň 50 ýaşdan ýokary toparynda 7 utuk gazanan Aýdogdy Ataýew, 60 ýaşdan ýokary toparynda bolsa 5,5 utuk bilen Şageldi Şaliýew ýeňiji boldy. Mundan başga-da, 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan ýaş küştçüleriň arasynda dürli ýaş toparlary boýunça baýrakly orunlar kesgitlendi.

Ýaryşyň guramaçylary bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegine ýardam berendigi we türgenler üçin amatly şertleri döredendigi üçin «Baýramaly» şypahanasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdiler.