
Toyota brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Beýik Ýüpek Ýoly» hususy kärhanasy 2024–2025-nji ýyllarda öndürilen «Toyota Land Cruiser Prado 250» kysymly awtoulaglar üçin ýörite hyzmat kampaniýasynyň başlandygyny habar berýär.
Bu başlangyç maglumatlary görkezmek ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge we öndüriji tarapyndan kesgitlenen ýokary howpsuzlyk standartlaryny saklamaga gönükdirilendir. Meýilleşdirilen tehniki işler hereketlendirijiniň ýag basyşy, temperaturasy we akkumulýator batareýasynyň zarýad derejesi ýaly möhüm görkezijileriň dogry berilmegini üpjün etmek maksady bilen, gurallar paneliniň programma üpjünçiligini täzelemegi göz öňünde tutýar.
Kampaniýanyň çäklerinde resmi diler merkeziniň hünärmenleri ähli zerur işleri, şol sanda programma üpjünçiligini täzelemegi ýa-da zerur bolan ýagdaýynda gurallar panelini çalyşmagy doly mugt ýerine ýetirýärler. Awtoulagynyň bu kampaniýa degişlidigini tassyklamak üçin eýelerine ulagyň VIN-koduny hyzmat merkezine hödürlemek maslahat berilýär.
Müşderileriň amatlylygy we tiz hyzmat almagy üçin «BÝÝ_AUTO» resmi mobil goşundysy hem ýola goýuldy. Bu goşundy ulag baradaky maglumatlary hakyky wagtyň tertibinde barlamaga we tehniki hyzmat üçin öňünden ýazylmaga mümkinçilik berýär.
Resmi diler bu hyzmat kampaniýasynyň möhletsiz geçirilýändigini bellese-de, awtoulag eýelerini hyzmat merkezine baryp görmegi yza goýmazlyga çagyrýar. Sebäbi wagtynda geçirilýän tehniki hyzmat ulagyň uzak möhletleýin, ygtybarly we howpsuz ulanylmagynyň esasy kepilidir. «Beýik Ýüpek Ýoly» hususy kärhanasy müşderileriň bähbitlerine ygrarly galyp, awtoulaglaryň kämil ýagdaýda saklanmagy üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemegini dowam etdirýär.
Keywords