
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uludan toýlanylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, naýbaşy baýramymyzyň zähmet üstünlikleri bilen garşylanylmagy ugrunda Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu döwrebap kärhananyň her ýylda 100 müň tonna azyklyk gallany saklamaga hem-de 80 müň tonna un we un önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bar. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde dünýä meşhur öňdebaryjy kompaniýalaryň innowasion tehnologiýalary oturdylandyr.
— Döwrebap önümçiligimizde ýylyň-ýylyna ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarys. Şu ýylyň ilkinji çärýeginiň jemleri boýunça öndürilen önümiň möçberi 43 million 427 müň 800 manada deň bolup, meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwürde önümçiligiň ösüş depgini 123,8 göterime barabar boldy. Ýanwar — mart aýlarynda galla önümleri kärhanamyzda jemi 13 müň tonnadan gowrak un öndürilip, şondan 4 müň 315 tonnasy ýokary hilli, 8 müň 686 tonnasy hem birinji hilli unlardyr. Degişli döwürde un öndürmek boýunça meýilnama üstünlikli amala aşyryldy. Manny ýarmasynyň 27 tonnasy öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100 göterime barabar boldy. Kepegiň 3 müň 956 tonnasy taýýarlanylyp, meýilnama 103,3 göterim berjaý edildi. Bu babatda önümçiligiň ösüş depgini 123,7 göterime ýetirildi — diýip, kärhananyň ykdysatçysy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Göwher Awezowa buýsanç bilen gürrüň berýär.
Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy täze zähmet üstünliklerine badalga berýär. Geçen döwürde ýetilen sepgitler aýdylýanlaryň hakykatdan üzňe däldigine doly güwä geçýär.
— Türkmenabat galla önümleri kärhanamyzda gazanylýan üstünliklerde işçi-hünärmenlerimiziň her biriniň mynasyp paýy bar. Hususan-da üstümizdäki şanly ýylymyzyň geçen birinji çärýeginiň jemleri boýunça degirmen müdiri Baýmyrat Joraýew, mehanik Myrat Bäşimow, operator Öwlýakuly Ergeşow, barlamhana bölüminiň hil barlagçysy Maral Rejepowa, mehaniki bölümiň slesary Öktem Çaryýew, elewatoryň uly ussasy Baýram Öwlýakulyýew önjeýli zähmet çekip, işdeş ýoldaşlaryna nusga alarlyk görelde görkezýärler — diýip, kärhananyň ykdysatçysy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy gürrüň berýär.
Kärhananyň agzybir zähmet köpçüligi döwrebap önümçiliklerde işlemäge döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
Keywords