Müsüriň Ortaýer deňziniň kenarynda, Mersa-Matruh şäheriniň golaýynda Alam-el-Rum atly täze dynç alyş şäheriniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Umumy meýdany 20,6 inedördül kilometre barabar boljak bu taslama ýurduň iri syýahatçylyk we medeni merkezleriniň birine öwrülmegi maksat edinýär.
«Dezeen» neşiriniň habar bermegine görä, taslamanyň binagärlik meýilnamasy «Qatari Diar» gurluşyk kompaniýasynyň buýrugy esasynda SOM halkara binagärlik edarasy tarapyndan taýýarlanyldy. Gurluşygyň ilkinji tapgyryna 2030-njy ýylda başlamak göz öňünde tutulýar. Deňiz kenary boýunça 7,2 kilometre uzalyp gitjek şäher ýylyň ähli paslynda syýahatçylary kabul etmäge niýetlenendir.
Taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri deňiz bilen özara baglanyşykly aýlaglaryň we suw howdanlarynyň ulgamydyr. Olaryň umumy uzynlygy 22 kilometre ýeter. Ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň arasynda ýerleşjek bu suw ulgamy şäheriň keşbine gözellik bermek bilen çäklenmän, ýagyş suwuny ýygnamak we daşky gurşawy salkynlaşdyrmak ýaly wezipeleri hem ýerine ýetirer.
Baş meýilnama laýyklykda, täze şäherde döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýokary derejeli myhmanhanalar, dynç alyş, işewürlik we bilim merkezleri, golf meýdançalary hem-de beýleki zerur infrastruktura desgalary gurlar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.