Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) öňki Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Türki maýa goýum gaznasynyň (TMGG) prezidenti wezipesine biragyzdan saýlandy. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.

Degişli karar Gaznanyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edildi.

Kubanyçbek Omuraliýew 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň noýabr aýyna çenli Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesinde işledi. Bu döwürde ol türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek we guramanyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp bardy.

Täze wezipesinde Omuraliýew maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge, ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we agza döwletleriň durnukly ösüşini goldamaga aýratyn ähmiýet bermegi meýilleşdirýär.

Mundan öň Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Mirwohid Azimow Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretary wezipesine bellenildi.

Türki maýa goýum gaznasy türki döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitara söwdany ösdürmek we durnukly ösüşi goldamak maksady bilen döredilen ilkinji ýöriteleşdirilen halkara maliýe edarasydyr.

Gaznany döretmek baradaky esaslandyryjy ylalaşyga 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitinde gol çekildi. Resminama 2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda güýje girdi.

Türki maýa goýum gaznasynyň esaslyk maýasy 600 million ABŞ dollaryna deňdir. Gaznanyň serişdeleri agza döwletleriň ykdysady ösüşini goldamaga, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, maýa goýumlaryny we innowasion çözgütleri höweslendirmäge gönükdirilýär. Şeýle hem onuň işi «Türki dünýäsiniň ykdysady integrasiýasy» konsepsiýasynyň çäklerinde sebitara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.