Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi 59 geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 224 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Söwda geleşikleriniň dowamynda Türkiýäniň we Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kärhanalarynda öndürilýän nah ýüplügini hem-de buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.
Içerki bazarda bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen birnäçe önüm uly islegden peýdalandy. Ýerli telekeçiler umumy bahasy 428 million 978 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, polipropileni, nebit koksuny, nah matany we çig ýüpegi satyn aldylar.
Birža söwdalarynyň netijeleri Türkmenistanyň içerki bazarynda nebit-himiýa önümlerine bolan islegiň ýokarydygyny, şol bir wagtyň özünde türkmen önümleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda hem gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
Soňky söwdalarda dürli görnüşli senagat we oba hojalyk önümleriniň eksport-import amallarynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň içerki we halkara söwda gatnaşyklaryndaky ornunyň möhümdigini görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.