2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Şol gün «ŞHG+» formatynda ýokary derejeli duşuşygyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Duşuşyklara Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmegine garaşylýar. Sammitde ŞHG-ä agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem çagyrylan döwletleriň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar.
Sammitiň çäklerinde Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýaly ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň, Togonyň Ministrler Geňeşiniň başlygy For Essosimna Gnassingbeniň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdoğanyň, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulitiň, Wýetnamyň wise-prezidenti Wo Thi An Suanyň we Müsüriň wise-premýer-ministri Huseýn Isanyň duşuşyga gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara guramalaryň arasynda ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň hem sammite gatnaşmagyna garaşylýar.
Duşuşyklarda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri bilen bir hatarda ŞHG-niň geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, sanly tehnologiýalar, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garalar.
Sammitiň netijeleri boýunça ŞHG-niň 25 ýyllygyna bagyşlanan Bişkek Jarnamasynyň kabul edilmegine, şeýle hem Guramanyň işini kämilleşdirmäge we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen birnäçe resminama hem-de çözgütlere gol çekilmegine garaşylýar.
«ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşykda bolsa gatnaşyjylar BMG-niň we halkara hukugynyň halkara gatnaşyklaryndaky merkezi ornuny berkitmek, durnukly ösüşi goldamak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşarlar.
Bişkekde geçiriljek sammit Gyrgyzystanyň 2025–2026-njy ýyllarda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda başlyklyk etmeginiň jemleýji möhüm çäreleriniň biri bolar. Gyrgyzystanyň başlyklygy «ŞHG-niň 25 ýyly: bilelikde durnukly parahatçylyga, ösüşe we gülläp ösmäge tarap» diýen şygar astynda alnyp barylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.