
Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhletiniň şu ýylyň ahyrynda tamamlanýandygy sebäpli, guramanyň täze ýolbaşçysyny saýlamak işleri dowam edýär. Dalaşgärleriň arzalaryny kabul etmek tapgyry tamamlanyp, häzirki wagtda bu jogapkärli wezipä dört sany esasy dalaşgär öňe sürüldi. BMG-niň geljekki Baş sekretaryna çylşyrymly wezipeler garaşýar. Guramanyň dünýäde emele gelen maliýe kynçylyklaryna garşy netijeli çäreleri görmek we halkara şertlere laýyklykda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak meýilnamalary täze ýolbaşçynyň öňünde duran esasy ugurlaryň biri bolar. Häzirki wagtda resmi taýdan dört adam – iki erkek we iki zenan dalaşgär hasaba alyndy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki başlygy Annalena Berbok bu wezipä zenan maşgalanyň saýlanmagyny öňe sürýär. Berbok fewral aýynda Ženewada guralan adam hukuklary boýunça maslahatda «Biziň gulluk etmeli dünýä ilatynyň ýarysy zenanlar bolsa-da, nähili bolup 80 ýylyň dowamynda bir gezek hem aýal maşgala Baş sekretar wezipesine saýlanmady?» diýen soraly orta atdy. Dalaşgärler. Çiliden bolan 74 ýaşly Mişel Baçelet Çiliniň ilkinji zenan döwlet Baştutany.
Baçeletiň Birleşen Milletler Guramasynyň işinde hem uly tejribesi bar. Ol ozal BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary wezipesinde işledi we «BMG-zenan» atly aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy gurama ýolbaşçylyk etdi. Baçeletiň dalaşgärligi Braziliýa we Meksika tarapyndan öňe sürüldi.
Argentinadan bolan 65 ýaşly Rafael Grossi Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) ýolbaşçysy. Bu wezipede hünärmen eýýäm köp ýyllaryň dowamynda bütin dünýädäki ýadro maksatnamalaryna gözegçilik edýär we ýadro howpsuzlygy üçin jogap berýär.
Grossiniň dalaşgärligi öz ýurdy Argentina tarapyndan öňe sürüldi. Kosta-Rikadan bolan 70 ýaşly Rebeka Grinspan ykdysatçy we Kosta-Rikanyň öňki wise-prezidenti. Ol BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň Baş sekretarydyr. Onuň dalaşgärligini öz ýurdy Kosta-Rika öňe sürdi.
Senegaldan bolan 64 ýaşly Maki Sall uzak wagtlap Senegalyň Prezidenti wezipesini eýeledi. Ol bu wezipede işlän döwründe, esasan, infrastruktura ösüşine we syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegine üns berdi. Onuň dalaşgärligi Burundi tarapyndan öňe sürüldi. Interaktiw onlaýn-dialoglar ýakyn günlerde geçiriler we onuň dowamynda dalaşgärler öz maksatnamalaryny hödürläp, BMG-ä agza döwletleriň soraglaryna jogap bererler. Iýul aýyndan başlap, Howpsuzlyk Geňeşinde dalaşgärleriň haýsy hem bolsa biri weto bökdenjine duçar bolman, sesleriň agramly bölegini alýança birnäçe gezek ses berişlik geçiriler. Jemleýji tapgyr hökmünde, täze belleniljek adam Baş Assambleýa tarapyndan tassyklanmalydyr. Netijelere güýzüň başlarynda garaşylýar.
Keywords