
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmegi çaltlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk» atly bilelikdäki taslamanyň dördünji tapgyryna başlamak bilen, öz strategik hyzmatdaşlygyny dowam etdirýärler.
Bu ylalaşyk Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny alamatlandyrýar hem-de ýurduň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibine we 2016-njy ýylyň sentýabrynda resmi taýdan kabul edilen Durnukly ösüş maksatnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar.
Taslamanyň dördünji tapgyry DÖM-leri netijeli amala aşyrmak we gözegçiligi geçirmek üçin Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini has-da berkitmäge gönükdirilendir. Esasy üns Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça üçünji Meýletin Milli Synyny taýýarlamagyň çäginde ösüşi maliýeleşdirmek başlangyçlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermäge berler. Şeýle hem taslama durnukly ösüş ýörelgelerini sebit derejesinde utgaşdyrmak üçin ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
«Bu strategik hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň milli gurallaryny berkider we ýurduň ähli sebitlerinde durnukly ykdysady hem-de durmuş ösüşi üçin şertleri döreder» diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belledi.
BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki taslamasy Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara hyzmatdaşlarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň tagallalaryny utgaşdyrmak, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda güýçleri birleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüler.
Keywords