
«BMW-niň» nusgawy 3-nji seriýaly sedanyndan islegli modelini göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Muňa garamazdan, kompaniýanyň täze modeliniň düýbünden täze bir sahypany açmagyna garaşylýar. Bu hakykat «BMW i3» modeliniň tanyşdyrylmagynda hem aýdyň şöhlelenýär. Ol öňki «üçlük» modeline hiç hili meňzemeýär.
Model täze «Neue Klasse» platformasynda gurlup, onuň önümçiligi awgust aýynda Mýunhende başlar, ilkinji eltip bermeler bolsa güýz paslyna meýilleşdirilýär.
Täze «BMW i3» diňe bir güýç beriji ulgamy bilen däl, eýsem, binýatlyk gurluşy bilen hem benzinli «3-Series» modelinden düýpli tapawutlanýar. «Neue Klasse» dizaýny täzeçilligi bilen tapawutlanýar: radiator gözenegi we çyralar bilen birleşdirilen bitewi blok, gabarada ýerleşdirilen gapy tutawaçlary we has aýdyň görnüşli tigir bölümleri bar.
Awtoulag «Panoramic iDrive» ulgamy, öňki aýnanyň aşagynda ýerleşýän giň displeý, 17,9 dýuýmlyk ekrany bolan media ulgamy, islege görä goşmaça goýulýan göwrümli (3D) taslamalaşdyryş ekrany we yşyklandyrylýan dolandyryş düwmeleri bolan täze rul bilen üpjün edildi.
Häzirlikçe onuň diňe bir nusgasy — «i3 50 xDrive» barada maglumat berildi. Ol iki sany elektrik dwigateli (her okda biri) bilen enjamlaşdyrylyp, umumy kuwwaty 463 at güýjüne deňdir.
Elektromobil altynjy nesil «eDrive» ulgamyna, 800 woltluk binagärlik we silindr görnüşli akkumulýator öýjüklerine eýe boldy. Onuň bir gezekki energiýasy bilen geçip biljek ýoly 708 kilemetre (EPA bölümi boýunça) ýa-da 900 kilometre (WLTP usuly boýunça) barabardyr. Awtoulag 400 kWt çenli kuwwatlylykda energiýa almagy goldaýar, bu bolsa bary-ýogy 10 minutda 400 km ýol üçin ýeterlik zarýad almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem awtoulag daşarky enjamlary, öýi elektrik energiýasy bilen üpjün edip ýa-da energiýany umumy ulgama gaýtaryp berip bilýär.
Keywords