
Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda geçiren iş maslahatynda ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişi bilen baglanyşykly beren tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatymyzyň gök ekerançylary ekişi gysga wagtda we ýokary hilli geçirmeklige girişdiler.
Şu ýyl welaýatymyz boýunça 1 müň 400 gektarda ýeralmanyň ýazky ekişi meýilleşdirilip, 3 müň 920 tonna tohum taýýarlanyldy. Möwsümde, esasan hem, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän «Gala», «Santa» görnüşleri ekiler. Şonuň ýaly-da welaýatymyzda jemi 900 gektarda ýazlyk sogan ekmek we bol hasyly kemala getirmek ugrunda häzirden degişli işler alnyp barylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Ýazlyk soganyň «Bereket», «Farap», «Kaka» görnüşleri saýlanylyp alnyp, olar Döwletli, Çärjew, Dänew, Kerki etraplarynda ekiler. Häzirki wagtda ilkinji gektarlarda ýeralmanyň we soganyň ýazky ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň hem-de bu ekinleriň tohumynyň, şeýle-de degişli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekişe öňünden doly taýýar edilmegi möwsümiň ilkinji günlerinden öz netijelerini berýär.
Importuň ornuny tutýan ýokary hilli azyk önümleriniň öz ýurdumyzda öndürilmegi bolçulygyň döredilmeginde möhüm ädim boldy. Il-ýurt bähbidine ýugrulan bu döwletli işe welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň kärendeçi-gök ekerançylary bilen bir hatarda hususy ulgamyň wekilleri hem işjeň gatnaşyp, mynasyp goşant goşýarlar. Çärjew etrabyndaky «Tebigy ekin» daýhan hojalygynda alnyp barylýan önjeýli işleriň mysalynda hem muňa anyk göz ýetirmek mümkin. Daýhan hojalygynda eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýeralmanyň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşleri ekilip, bu ugurda baý tejribe toplanyldy.
Şanly ösüşlere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagy, howa şertleriniň amatly gelmegi gök-bakja ekinleriniň bitginli hasylyny kemala getirmäge oňyn şertleri döredýär. Ýeri gelende belläp geçsek, güneşli ülkämizde ýetişdirilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gök-bakja ekinleri özüniň tagamlylygy, ynsan saglygyna peýdalydygy, ýokumlylyk derejesi bilen tapawutlanýar.
Welaýatymyzyň babadaýhanlary türkmen obasyny ösüşleriň täze belentliklerine galkyndyryp, ene toprakdan bol hasyl öndürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Keywords