
Türkmenistanda bank karty ýok ýagdaýynda hem dürli hyzmatlaryň töleglerini onlaýn görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik döredildi. Bu amatly täzelik göni «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «ÇaparPay» goşundysynyň üsti bilen ýola goýuldy.
Goşundynyň içine ornaşdyrylan elektron töleg kitapçasy ulanyjylara nagt däl görnüşdäki serişdeler ýok wagty hem giň mümkinçilikleri açýar. Elektron töleg kitapçasyny diňe bir bank karty arkaly däl, eýsem, «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň islendik şahamçasynda nagt pul arkaly hem doldurmak mümkindir. Wirtual kitapça arkaly «ÇaparPay» programmasyndaky hyzmatlaryň aglaba bölegini çalt we ygtybarly töläp bolar.
Şeýle hem, bu hyzmaty işjeňleşdirmek üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň iň ýakyn şahamçasyna ýüz tutmak ýeterlik bolup, barlag işleri bary-ýogy 2 minudyňyzy alar. Mundan başga-da, goşundynyň mümkinçilikleri giňledilip, oňa ýakynda «eKitap» hyzmatynyň töleglerini geçirmek funksiýasy hem goşuldy.
Siz hem «ÇaparPay» goşundysyny telefonyňyza ýükläp alyp, töleg kitapçasyny açyp bilersiňiz we hasabyňyzy kartsyz, amatly usulda dolduryp bilersiňiz!
Keywords