Hytaý Halk Respublikasynda daşary ýurtly žurnalistler üçin geçirilýän China International Press Communication Center (CIPCC) 2026 halkara bilim maksatnamasy dowam edýär. «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde guralýan bu maksatnama dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan gatnaşýan žurnalistler üçin halkara žurnalistikanyň häzirki zaman ugurlaryny öwrenmäge we tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

Sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli dowam etjek okuw maksatnamasy diňe bir nazary bilimleri bermek bilen çäklenmän, žurnalistlere häzirki zaman halkara žurnalistikasynyň ösüş ugurlary bilen iş ýüzünde tanyşmaga şert döredýär.

Okuwlaryň ilkinji günleri hem mazmun taýdan baý çäreler bilen tapawutlandy. 7-nji sentýabrda Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň ylmy işgäri Li Ýunhuý tarapyndan «Hytaýyň milli aýratynlyklary we žurnalistleriň hünär taýýarlygy: Hytaýyň degişli sebitler bilen gatnaşyklary, syýasaty we amaly hyzmatdaşlygy» atly mowzuk boýunça okuw geçirildi.

8-nji sentýabrda maksatnamanyň resmi açylyş dabarasy boldy. Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar milli lybaslarda çärä gatnaşyp, halkara dostluk we özara hormat ýörelgelerini dabaranyň esasy aýratynlyklarynyň birine öwürdiler.

Şeýle hem 8-nji we 10-njy sentýabrda žurnalistler üçin hytaý dili boýunça amaly sapaklar guraldy. Okuwlarda gündelik durmuşda we ulag serişdelerinden peýdalanmakda zerur bolýan gepleşiklere aýratyn üns berildi.

9-njy sentýabrda häzirki zaman žurnalistikasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan emeli aň tehnologiýalaryna bagyşlanan okuw geçirildi. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CGTN) ýolbaşçysy Çžao Pin tarapyndan geçirilen sapakda täze tehnologiýalaryň halkara kommunikasiýadaky orny we žurnalistika pudagyna ýetirýän täsiri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maksatnamanyň çäklerinde Pekin halkara hyzmatlar söwda ýarmarkasynyň (CIFTIS) «Ýalkym saçýan dünýä» atly 11-nji medeni sergisiniň çäginde hem halkara çäre geçirildi. «Gündogar bilen Günbataryň sazlaşygy: Pekiniň özüne çekijiligi» atly çäre «Tebigata tarap açar» mowzugyna bagyşlandy.

CIPCC-2026 maksatnamasynyň dowamynda gatnaşyjylar Hytaýyň ykdysadyýeti, medeniýeti, jemgyýetçilik ösüşi, sanly tehnologiýalary we halkara hyzmatdaşlygy bilen has içgin tanyşmaga, şeýle hem dürli ýurtlaryň žurnalistleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik alýarlar.