Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasynyň (CNPC) «Internasional Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň «B» blogunyň günbatar bölegindäki suw alyş desgasynyň elektrik gurnamalaryny we enjamlaryny gyssagly abatlamak boýunça deslapky saýlama (pre-kwalifikasiýa) tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdi.
Bellenilişi ýaly, bu iş CIT-26099-SR belgili tenderiň çäklerinde geçiriler.
Tenderde gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
tendere gatnaşmak barada arza;
kompaniýa we onuň esasy işi barada gysgaça maglumat;
soňky üç ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen meňzeş işler boýunça tejribe;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalyk şahadatnamasy.
Resmi bildirişe görä, resminamalar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş çap edilen gününden başlap 7 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Görkezilen möhletden gijä galan resminamalar seredilmez.
Deslapky saýlama üçin tabşyrylýan resminamalar iňlis we rus dillerinde taýýarlanmaly. Şeýle hem olar tikilen, sahypalary belgilenilen görnüşde, möhürlenen we ýapyk bukjada hödürlenmeli. Bukjanyň içinde 1 sany asyl nusga, 1 sany göçürme hem-de ähli resminamalaryň doly skanirlenen elektron görnüşi ýerleşdirilmelidir.
Bukjanyň ýüzünde salgylanýan guramanyň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady hökmany görkezilmelidir.
Tenderiň şertleri we deslapky saýlama resminamalary boýunça goşmaça maglumatlary Aşgabat şäherindäki CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasyndan alyp bolýar. Kontakt hökmünde Şasoltan Hasanowa görkezilip, habarlaşmak üçin telefon belgisi +993 (12) 44-52-00 (5701) hökmünde berilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.