Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky «International Ltd.» şahamçasy 2027–2030-njy ýyllar üçin «Bagtyýarlyk» şertnama meýdanynda guýulary synagdan geçirmek, perforasiýa we slikwain (kanat tehnologiýasy) boýunça esasy hem-de ugurdaş hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin tender yglan etdi.
Tenderiň belgisi: CIT-26033-SR.
Tenderde gatnaşmak isleýän gyzyklanýan kompaniýalar aşakdaky resminamalary we maglumatlary tabşyrmalydyr:
tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilen resmi arza;
tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmäge degişli hasaby almak;
kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň nusgasy;
tender resminamalaryny almaga ygtyýar berýän baş ynanç hatynyň nusgasy;
tender resminamalary üçin tölegiň geçirilendigini tassyklaýan resminama.
Arzalar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildirişiň çap edilen gününden başlap 7 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň gelip gowşan arzalar kabul edilmez.
Tenderiň şertleri we gatnaşmak üçin zerur resminamalary tabşyrmagyň tertibi boýunça goşmaça maglumatlary şu salgydan alyp bolýar:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, KNNKIT ofisi, Türkmenistan.
Habarlaşmak üçin: Narine Simonyan
Telefon: (+993-12) 44-54-34
Tender baradaky bildiriş 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda çap edildi. Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 25-nji awgusty.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.