Her ýyl millionlarça daşary ýurtlylar Türkiýe döwletine syýahat, iş ýa-da ýaşaýyş maksady bilen gelýärler. Ýöne olaryň köpüsi migrasiýa düzgünleriniň iň kiçi bozulmasy hem diňe bir jerimä däl, eýsem ýurda gaýtadan girmäge gadagançylyk (deportasiýa) bilen netijelenip biljekdigini öňünden bilmeýärler.
Türkiýäniň kanunçylygyna laýyklykda, düzgün bozulan ýagdaýynda ýa-da deportasiýa karary çykarylanynda daşary ýurtlynyň pasportyna ýa-da ulgamdaky adyna çäklendirme kodlary girizilýär. Esasy üns berilmeli toparlar aşakdakylardan ybarat:
📌 V topary – Migrasiýa derejesiniň bozulmalary
Bu kodlar köplenç resminamalar we Türkiýede ýaşaýyş düzgünlerini berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr:
V-69 – Ýaşaýyş rugsatnamasy (ikamet) ýatyryldy.
V-70 – Diňe ýaşaýyş rugsatnamasyny ýa-da raýatlygy almak maksady bilen baglaşylan bikanun nikalaşmaklyk ýüze çykaryldy.
V-71 – Ýaşaýan salgysynyň üýtgändigi barada wagtynda habar bermezlik ýa-da ýalňyş maglumat bermek.
V-88 – Iş rugsatnamasy ýatyryldy.
V-137 – Daşary ýurtly tarapa mejbury deportasiýasyz Türkiýeden meýletin çykmak üçin möhlet berildi.
⚖️ Ç topary – Galmak möhletleriniň bozulmalary
Eger adam wiza, wiza düzgüni, ýaşaýyş rugsatnamasy ýa-da iş rugsatnamasy boýunça rugsat edilen möhletden geçen bolsa, oňa girmäge gadagançylyk kodlary bellenip bilner:
Ç-101 – 3 aýa girmäge gadagançylyk
Ç-102 – 6 aýa girmäge gadagançylyk
Ç-103 – 1 ýyla girmäge gadagançylyk
Ç-104 – 2 ýyla girmäge gadagançylyk
Ç-105 – 5 ýyla çenli girmäge gadagançylyk
Şeýle hem bu topara anyk düzgün bozulmalary we jerimeler girýär:
Ç-117 – Kanunçylyga laýyk gelmeýän işe ýerleşmek.
Ç-118 – Ýaşaýyş rugsatnamasy ýatyryldy.
Ç-119 – Kanunçylyga laýyk gelmeýän iş üçin jerimäni tölemezlik.
Ç-120 – Wiza ýa-da migrasiýa düzgünini bozandygy üçin jerimäni tölemezlik.
🚫 G topary – Agyr hukuk bozulmalary
Bu kodlar Türkiýäniň jenaýat kanunçylygy bozulanda ýa-da howply ýagdaýlarda berilýär:
G-34 – Galp resminamalary ulanmak.
G-42 – Neşe serişdeleri bilen baglanyşykly jenaýatlar.
G-65 – Ogurlyk.
G-66 – Talaňçylyk we gorkuzyp pul almak.
G-67 – Aldawçylyk
G-78 – Jemgyýetçilige howp salýan ýokanç keselleriň bolmagy.
❗ Deportasiýany ýatyryp bolýormy?
Hawa. Eger siz çykarylan karary kanunçylyga laýyk däl ýa-da esaslandyrylmadyk diýip hasaplaýan bolsaňyz, Türkiýäniň kanunçylygy kazyýet (sud) tertibinde oňa şikaýat etmäge doly mümkinçilik berýär.
Eger siz ýaşaýyş rugsatnamasynyň ýüz öwrülmegine, deportasiýa, girmäge gadagançylyga duçar bolan bolsaňyz ýa-da çäklendirme koduny alan bolsaňyz, hünärmen migrasiýa ýuristlerine ýüz tutmak we öz bähbitleriňizi kanuny usulda goramak möhümdir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.