
Daşary ýurtlylaryň arasynda rus dili boýunça garaşylýan 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýänler üçin resmi arzalary kabul etmek işleri dabaraly ýagdaýda başlandy.
Bu halkara bäsleşige dörtden ybarat toparlar boýunça gatnaşyp bolar. Toparyň düzümine bir sany topar başy hem-de rus dilini oňat bilýän, ýaşy 16-35 aralyyndaky üç sany daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar girip bilerler. Onlaýn görnüşde guraljak saýlama tapgyrlary şu ýylyň iýul aýyndan oktýabr aýyna çenli dowam eder. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler üçin arzalar resmi web-saýt arkaly 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Saýlama tapgyrlarynyň jemleri boýunça iň ýokary netijeleri görkezen iň gowy 30 sany topar Moskwa şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Çempionatyň ýeňijilerine kubok gowşurylyp, olara «Rus dili boýunça dünýä çempiony» diýen hormatly at dakylyp biler. Mundan başga-da, bäsleşiginiň baýrakly orunlaryny eýelänler Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýörite talyp hakly okamak hukugyny gazanmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Bu gyzykly bäsleşik we gatnaşmak şertleri barada giňişleýin maglumat almak hem-de arza tabşyrmak üçin https://russianchampionship.com resmi web-saýtyna ýüz tutup bilersiňiz.
Keywords