Daşkent şäherinde çeper gimnastika boýunça halkara ýaryş tamamlandy. «Jahan» döredijilik merkeziniň ýaş türgenleri bu ýaryşda ýokary ussatlyk we ýeňşe bolan erjellik görkezip, Türkmenistana abraýly wekilçilik etmegiň hötdesinden geldiler.

Ýaryşyň netijeleri boýunça gimnastikaçylarymyz 10 altyn we 4 kümüş medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki belent abraýyny ýene bir gezek dabaralandyrmagy başardylar

Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler:

1-nji orun (altyn medal):

Weronika Kurdupowa

Mähri Orazowa

Firdews Gunuslan

Aýnur Täçgulyýewa

Fatima Kambarowa

Aýlin Gunuslan

Lolita Awanesowa

Aýna Akýewa

Sofiýa Bens

Aýsel Tagiýewa

2-nji orun (kümüş medal):

Inara Hanowa

Sara Gülberdiýewa

Sofiýa Rejepowa

Ameliýa Bens

Bu üstünlik ýaş türgenleriň yhlasly zähmetiniň, tälimçiler düzüminiň ýokary hünär ussatlygynyň hem-de ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi üçin döredilen giň mümkinçilikleriň netijesidir.