
Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýewiň öndäki tutluşygy Türkmenistanyň adyny dünýäniň professional boks kartasyna ebedilik ýazmak üçin taryhy mümkinçilikdir. 29-njy maýda sagat 18:00-da Özbegistanda Imankulyýew çempionlyk tituly we WBC Eurasia guşagy ugrunda ringe çykar. Bu gurama Maýk Taýson we Aleksandr Usyk ýaly boks ägirtlerini dünýä tanyşdyran abraýly geňeşdir.
Bu taryhy söweşiň öňüsyrasynda aýratyn bir şatlykly waka bar: düýn, ýagny 24-nji maýda Daşoguz şäherinde dünýä inen zehinli pälwanymyz özüniň 30 ýaşlyk ýubileýini belledi! "Amul Info" halkara media agentligi Hursand Imankulyýewi ýubileý ýaşy bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Biz ildeşimize berk jan saglyk, polat deýin erki we ringde uly ýeňişleri arzuw edýäris.
Ýewraziýanyň 50-den gowrak ýurdundan iň güýçli wekilleriň gatnaşýan bu turnirine Hursand kemsiz netije bilen barýar: 7 professional söweş we 7 ajaýyp nokautly ýeňiş. Bu turnirdäki ýeňiş dünýä boks elitasyna "altyn petek" bolar. Ähli watandaşlarymyzy pälwanymyzy goldamaga çagyrýarys.
Keywords