
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige berilýän yzygiderli goldawyň netijesinde önümçiligiň täze ugurlary üstünlikli ösdürilip, importyň ornuny tutýan harytlaryň görnüşi artýar. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Hasylçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Dik Aý» hususy kärhanasynda hem ýokary hilli ýaýjykly mebel düşekleriniň önümçiligi ýola goýlup, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Telekeçi Yslam Hudergenowyň ýolbaşçylygyndaky kärhananyň döredilendigine ýaňy-ýakynda iki ýyl bolan hem bolsa, Hytaý Halk Respublikasyndan getirlen döwrebap enjamlar arkaly öndürilýän bu önümler ýokary hili, berkligi we amatlylygy bilen alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Önümçilik üçin zerur çig mallaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilmegi harytlaryň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna we bazar bahalarynyň elýeterli bolmagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty bir iş çalşygynda ýaýjykly mebel düşekleriniň 20-ä golaýyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu önümleriň 10-dan gowrak görnüşi hödürlenilýär. Çagalar baglary, hassahanalar, myhmanhanalar, dürli edara-kärhanalar we ýumşak mebel öndürýän hususy telekeçiler üçin ýörite sargytlar esasynda ýerine ýetirilýän bu önümlere isleg gün-günden artýar. Şeýle hem kärhananyň işçi-hünärmenleri tarapyndan ýatakhanalar üçin niýetlenen düşekleriň uly möçberi öndürilýär.
Aglaba ýaşlardan we zenanlardan ybarat bolan kärhananyň işjeň topary önümçiligiň depginini yzygiderli artdyrmaga zähmet çekýärler. Kärhana geljekde önümçilik kuwwatyny we harytlaryň görnüşlerini giňeltmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp zähmet sowgatalary bilen barmagy maksat edinýärler.
Keywords