Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň geçmişden miras galan ruhy we medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp saklanýar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Mähri Pürçekowanyň bellemegine görä, Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy diňe bir milli baýlygymyz bolman, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem gymmatly bölegidir. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, şeýle-de halkymyzyň köpasyrlyk taryhy we medeni mirasy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda türkmen halkynyň gadymy halklaryň biridigini, onuň medeni, ruhy we edebi gymmatlyklary döredip, adamzadyň medeni hem-de ylmy genji-hazynasyna uly goşant goşandygyny nygtaýar.
Taryhyň her bir döwri özüne mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol döwürlerden şu günlere gelip ýeten taryhy ýadygärlikler bolsa halklaryň geçmişini, ýaşaýyş-durmuşyny we medeni ösüşini öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler hem öz ähmiýeti bilen umumyadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegini düzýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.