Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we gadymy däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegi bolan keşdeçilik sungaty öz gözelligi, nepisligi hem-de çuňňur many-mazmuny bilen milli gymmatlyklaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen bu sungat häzirki günlerde hem öz ähmiýetini ýitirmän, täze nesiller tarapyndan dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda geçirilýän «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary hem bu gadymy sungatyň ýaşap gelýändigini aýdyň görkezýär. Bäsleşik türkmen zenanlarynyň döredijilik ukyplaryny, ussatlygyny we milli mirasa bolan söýgüsini açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredýär.
Türkmen zenanlarynyň el hünäri bilen döredýän keşdeleri halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, gözellik baradaky düşünjeleriniň we milli özboluşlylygynyň özboluşly beýanydyr. Her bir keşdede ussanyň zähmeti, zehini we çeperçilik garaýşy öz beýanyny tapýar.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan keşdeçilik diňe bir egin-eşikleri bezemegiň usuly däldir. Ol türkmen halkynyň taryhyny, arzuw-umytlaryny, durmuş ýörelgelerini we çeperçilik dünýäsini özünde jemleýän gymmatly medeni hazynadyr. Şonuň üçin bu sungaty gorap saklamak, öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek milli mirasyň dowamatlylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.