Türkiýäniň Siwas welaýatynda, Kaýalypynar etrabynyň golaýynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy Het döwletiniň taryhyna degişli möhüm tapyndylar ýüze çykaryldy. Gözlegleriň dowamynda het we hurri dillerinde ýazylan 131 sany klinopis ýazgy hem-de olaryň bölekleri tapyldy. Bu barada Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi habar berdi.

Geçen ýyl ýüze çykarylan tapyndylar bilen birlikde, arhiwde saklanýan toýun resminamalarynyň umumy sany 184-e ýetdi. Bu toplum XXI asyrda tapylan het ýazuw ýadygärlikleriniň iň uly ýygyndysy hökmünde taryha girdi.

Biziň eýýamymyzdan öňki XV asyryň ortalaryna, ýagny Tuthaliýa II patyşanyň hökümdarlyk eden döwrüne degişli bu resminamalar gadymy döwletiň dolandyryş ulgamy, harby wakalary we dini däp-dessurlary barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.

Tapylan ýazgylaryň arasynda şol döwürde ilat arasynda ýaýran, esasan hem çagalaryň saglygyna täsir eden epidemiýa barada maglumatlar hem bar. Şeýle-de resminamalarda Het döwletiniň harby ýolbaşçylarynyň Anadolynyň günbatarynda ýüze çykan howpuň öňüni almak üçin patyşadan gyssagly goşun, at we söweş arabalaryny ibermegi haýyş edip ýazan resmi ýüzlenmesi saklanyp galypdyr.

Bu tapyndylar gadymy Het döwletiniň syýasy, jemgyýetçilik we harby durmuşyny öwrenmekde möhüm taryhy çeşme bolup hyzmat eder.