Käriziň iň ýokary möçberi 42 müň manat bolup, onuň dolanyş möhleti üç ýyla çenli berilýär. Bu programma ýaşlaryň okamak mümkinçiliklerini giňeltmek, döredijilik ukyplaryny goldamak hem-de geljekde zerur hünär bilimini bermek maksady bilen işlenip düzüldi.

Bankyň beýanatynda bellenilişi ýaly, “Okuw karzy” diňe nagt däl görnüşde berilýär. 10-15 müň manat aralygyndaky karzlar üçin raýatlaryň kepilligi kabul edilýär, has uly möçberli karzlar üçin bolsa gysgajyk möhletli kepillik (garantiýa) talap edilýär.

Karz almak isleýänler resmi saýtda — www.dayhanbank.gov.tm— onlaýn görnüşde arza tabşyrmak hukugyna eýedirler. “Daýhanbank” ýurduň ähli welaýatlarynda hyzmat berýär we haýsydyr bir soraglar üçin aşakdaky telefon nomerleri arkaly habarlaşmak mümkinçiligi bar:

  • Aşgabat: 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85
  • Ahal welaýaty: (8-00-137) 3-34-39
  • Balkan welaýaty: (8-00-246) 5-21-51
  • Daşoguz welaýaty: (8-00-322) 9-35-07
  • Lebap welaýaty: (8-00-422) 9-13-48
  • Mary welaýaty: (8-00-522) 6-76-40

“Daýhanbank” ýaşlaryň bilimlerine goşant goşmak üçin amatly şertleri döretmegi dowam etdirýär we ähli talyplary bu mümkinçilikden peýdalanmaga çagyrýar.