Unaş türk­me­niň mil­li ta­gam­la­ry­nyň ara­syn­da naý­ba­şy­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ta­ga­myň luk­man­çy­lyk­da hem äh­mi­ýe­ti örän uly. 100 gram una­şyň umu­my ka­lo­ri­ýa­ly­ly­gy 322-ä deň­dir. Una­şyň dü­zü­mi­ne gir­ýän her bir önü­mi aý­ra­tyn­lyk­da ala­nyň­da hem adam sag­ly­gy üçin peý­da­lydygyna göz ýe­tir­mek müm­kin.

Una­şa atyl­ýan gy­zyl ajy burç iş­dä­ni aç­ýar, na­ha­ryň siň­me­gi­ne we öz­leş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, ga­ny su­wuk­lan­dyr­ýar, şeý­le-de ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň we tä­ze dö­re­me­le­riň öňü­ni al­ýar. Bur­çuň dü­zü­mi­ne gir­ýän fla­wo­no­id­le­re de­giş­li bo­lan ka­te­hin, ges­pe­re­tin, ru­tin we beý­le­ki­ler P wi­ta­min­ler to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, olar ow­nu­jak gan da­mar­la­ra, ýag­ny ka­pill­ýar­la­ra ber­ki­di­ji tä­sir ed­ýär. Fla­wo­no­id­ler bag­ryň öý­jük­le­ri­ne oňat tä­sir edip, ze­per­le­nen do­ku­ma­la­ry­nyň gaý­ta­dan di­kel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, şeý­le-de öt eme­le ge­ti­ji we pe­şew bö­lüp çy­ka­ry­jy tä­si­ri hem bar. Gy­zyl ajy bur­çuň dü­zü­min­dä­ki kap­sai­sin ada­myň ta­gam bi­liş re­sep­tor­la­ry­na tä­sir et­mek bi­len, en­dor­fin gor­mo­ny­ny bö­lüp çy­kar­ýar. Bu gor­mo­na baş­ga­ça «bagt­ly­lyk gor­mo­ny» hem di­ýil­ýär. Ol adam­da ra­hat­lan­dy­ry­jy, kö­şeş­di­ri­ji we ka­na­gat­lan­dy­ry­jy duý­gu­la­ry oýar­ýar.

Unaşa garylýan önümleriň ýene-de biri gatykdyr. Öý şertlerinde basyrylyp taýýarlanylan gatygyň peýdaly taraplary ýokarydyr. Gatykly unaş işdäňi açýar. Içegäniň işjeňligini gowulandyrýar. Gatygyň düzümine askorbin turşusy, A, PP, D, B topara degişli witaminler, şeýle-de, holin, beta-karotin girýär. Mundan başgada, düzüminde fosfor, kaliý, mis, hrom, kalsiý, kükürt, natriý ýaly mineral maddalar hem bolup, bedeniň agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda, dürli kesellere garşy göreşmekde, bedeniň immunitetini galdyrmakda ähmiýetlidir.

Unaşdaky noýbanyň peýdasy hem örän uly. Kösüklilere degişli bolan noýbanyň düzüminde mineral maddalardan alýuminiý, bor, kaliý, kalsiý, magniý, mis, kükürt, fosfor we demir bar. Şeýle-de noýbanyň himiki düzümi B toparyna degişli bolan witaminlerden, E, K witaminlerinden, askorbin, foliý turşusyndan we adamyň sagdynlygyny saklamakda zerur bolan, bedende çalşylmaýan aminoturşulardan ybarat bolup, gandaky glýukozanyň derejesini peseldýär, ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar, nerw ulgamynyň işini sazlaýar, alyş-çalşy durnuklaşdyrýar. Bedenden artykmaç suwuklygy bölüp çykarmaga ýardam edýär, suw-duz çalşygyny kadalaşdyrýar. Endokrin ulgamynyň işine, süňk dokumalaryna, deri, ýag we der bölüp çykaryş mäzleriniň işine oňaýly täsir edýär. Gan damarlarynyň diwarjyklarynda ýag bölejikleriniň toplanmagyndan goraýar. Noýbanyň mylaýym süýümleri iýmit siňdiriş hadysasyny ýokarlandyrýar we bedenden toksinleriň bölünip çykmagyna ýardam edýär.

Unaşyň düzümine girýän önümleriň ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda şeýle beýan edilýär: «Elde taýýarlanan unaş hem berhiz naharlara degişlidir. Ony sowuklamada we dümewlemede iýýärler. Işdäniň ýok wagty gyzyl burç goşulan unaş iýilýär. Bu nahar hem derlediji serişde hasaplanýar».

Milli tagamymyz bolan unaşyň adam bedenini dürli sowuklama kesellerinden goramakda, bedeniň immunitetini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin möwsümleýin ýüze çykýan, esasan hem, howa-damja ýoly bilen geçýän kesellerden goranmak üçin, ilki hökman maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän, milli tagamymyz bolan burçly hem noýbaly unaşy iýip durmagyňyzy maslahat berýäris.