
Ýarym agyr agram derejesinde Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) talaplary boýunça dünýä çempiony, russiýaly boksçy Dmitriý Biwol özüniň nobatdaky ýeňşini gazandy. Ýekaterinburg şäherinde geçirilen «RCC Boxing Promotions» halkara sport ýaryşynyň esasy tutluşygynda ol germaniýaly Mihael Aýfert bilen ringe çykdy.
Bu boks duşuşygy Dmitriý Biwol üçin professional ringde bir ýarym ýyllyk arakesmeden soň geçirilen ilkinji tutluşyk boldy. Örän çekeleşikli we dartgynly geçen raundlaryň netijesinde, eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňiş russiýaly boksça berildi. Şeýlelikde, Biwol özüne degişli bolan «RCC WBA» we «IBF» çempionlyk guşaklaryny üstünlikli goramagy başardy.
Bu ýeňişden soň, tejribeli boksçy Dmitriý Biwolyň professional ringdäki görkezijisi has-da gowulandy. Häzirki wagtda onuň hasabynda jemi 25 ýeňiş (şolaryň 12-si nokaut bilen) we bary-ýogy bir ýeňliş bar.
Keywords