Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda we ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işlerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademigine saýlanyldy. Bu çözgüt döwlet Baştutanynyň ylym-bilim, durmuş-ykdysady ösüş, innowasiýalar hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriniň ykrarnamasy boldy.
· 1 min okamak · 117 görnüş









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.