
Şu gün, 16-njy aprelde, meşhur türkmen garyşyk söweş sungaty (MMA) ussady Döwletjan Ýagşymyradow "Professional Fighters League" (PFL) guramasynyň Belfast şäherinde geçiriljek ýaryşynda çykyş eder.
Häzirki wagtda Ýagşymyradow PFL-iň reýtinginde 2-nji orny eýeleýär. Onuň garşydaşy Taýson Pedro bolsa reýtingde 8-nji ýerde durýar. Pedro üçin bu tutluşyk PFL-däki ilkinji synanyşygy bolar.
Ýagşymyradow 2024-nji ýylyň Gran-pri ýaryşynyň ýeňijisi we ozalky ACB/ACA çempiony hökmünde älemde uly meşhurlyga eýedir.
Şu gije sagat 23:30-da (Aşgabat wagty bilen) Belfastda geçiriljek taryhy söweşde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradowa garşydaşy Taýson Pedro bilen tutluşykda üstünlik arzuw edýäris.
Tutluşygyň gidişi we iň soňky netijeleri baradaky habarlary «Amul Info» platformamyzda we biziň sosial ulgamlarymyzda yzarlap bilersiňiz. Söweşiň göni ýaýlymy bolsa «Amul TV» platformasy arkaly janköýerlere elýeterli bolar.
Keywords