Hususy pudagyň önümçilik mümkinçilikleri giňelýär. Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmek, telekeçiligiň täze ugurlaryny ýola goýmak we döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Ýerli çig maldan peýdalanyp, içerki bazaryň zerurlyklaryny üpjün edýän we eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň sanynyň artmagy bu ugurdaky ösüşleriň aýdyň netijesidir.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileri söwda we hyzmat ulgamlary bilen çäklenmän, häzirki zaman tehnologiýalaryny talap edýän senagat önümçiliginde hem öz mümkinçiliklerini üstünlikli görkezýärler. Şolaryň hatarynda Halaç etrabynda hereket edýän «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň keramiki önümleri öndürýän döwrebap kärhanasy hem bar.
Hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen keramika zawody mundan alty ýyla golaý öň işe girizildi. Kärhana ýokary önümçilik kuwwaty bilen tapawutlanýar. Onuň ýyllyk kuwwaty 192 müň tonna taýýar önüm ýa-da 80 million sany keramiki kerpiç öndürmäge niýetlenendir.
Kärhanada önümçiligiň döwrebap tehnologiýalara esaslanmagy önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, önümçilik işlerini yzygiderli alyp barmaga hem-de bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga şert döredýär. Zawodyň üç iş çalşygynda işlemegi hem onuň önümçilik kuwwatynyň doly derejede peýdalanylmagyna mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň kärhanasynda 200-e golaý adam zähmet çekýär. Bu bolsa täze önümçiligiň diňe bir senagat pudagynyň ösmegine däl, eýsem, ilatyň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşýandygyny görkezýär.
Keramiki önümleriň öndürilmegi gurluşyk pudagynyň zerurlyklaryny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýerli çig maldan taýýarlanylýan önümleriň möçberiniň artmagy bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga we içerki önümçiligi ösdürmäge ýardam edýär.
«Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik tejribesi türkmen hususy telekeçiliginiň täze ugurlarda hem üstünlikli iş alyp barýandygyny görkezýän mysallaryň biridir. Kärhananyň ýokary önümçilik kuwwaty we döwrebap tehnologiýalara esaslanýan işi hususy pudagyň senagatdaky ornunyň barha pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.