
Şu ýylyň 28-nji apreli — 4-nji iýuny aralygynda amala aşyrylýan «Dunaýdan Orhona: Gündogar — Günbatar ýüpek ýoly» atly meşhur halkara awtoralli ýene-de Türkmenistanyň çäginden geçdi. Dünýäniň dürli döwletlerinden awtomobil sportunyň muşdaklaryny we syýahatçylary bir ýere jemleýän bu iri çäräniň baş maksady gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň taryhy-medeni gymmatlyklary, baý mirasy bilen ýakyndan tanyşmakdan hem-de olary halkara derejede giňden mahabatlandyrmakdan ybaratdyr.
Uly gyzyklanma döreden awtoralli ilki bilen Türkiýe Respublikasyndan ugur alyp, Gruziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çäklerinden geçdi. Gatnaşyjylar Baku şäheriniň halkara deňiz portundan gämi arkaly Hazar deňzini söküp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna gelip ýetdiler.
Ýurdumyzyň çäginde guralan ýörite ugur halkara ralli sportunyň wekillerine Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak täsin tebigaty hem-de uly syýahatçylyk kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Saparyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar Hazar deňziniň merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, täsin tebigy gözellik hasaplanýan «Ýangygala» kanýonynda, Balkanabat şäherinde we meşhur «Köwata» ýerasty kölünde boldular.
Şeýle hem awtorallä gatnaşyjylar ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp binalaryna, Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän we dünýä syýahatçylarynyň ünsüni çekýän «Garagumuň ýalkymy» gaz kraterine hem-de Daşoguz welaýatynyň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.
Türkmenistandaky täsirli medeni we sport maksatnamasyny üstünlikli tamamlan halkara awtoralliniň kerweni Daşoguz welaýatyndaky «Köneürgenç» awtoulag gözegçilik-geçiriş nokady arkaly goňşy Özbegistan Respublikasyna tarap ugrady.
Keywords