Banan dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň biridir. Tropik sebitlerde ösýän bu miwäniň 1000-den gowrak görnüşi mälim bolup, olaryň 500-e golaýy iýmit hökmünde ulanmaga ýaramly hasaplanýar. Banan görnüşleri takmynan 50 uly topara bölünýär.
Bu miwe, esasan, Hindistanda, Hytaýda, Indoneziýada, Braziliýada, Ekwadorda, Filippinlerde we Angolada ösdürilip ýetişdirilýär. Kawendiş, gyzyl banan, gök banan ýa-da doňdurma banany, plantainler we kiçi bananlar (Lady Finger) onuň dünýäde giňden tanalýan görnüşleriniň hataryna girýär.
Kawendiş. Bananyň iň köp ýaýran görnüşi Kawendiş bolup, dünýäde öndürilýän bananlaryň umumy möçberiniň takmynan 99 göterimini düzýär. Köpçülige «adaty banan» hökmünde mälim bolan bu görnüş 1950-nji ýyllardan başlap, täjirçilik maksady bilen giň gerimde ösdürilip ýetişdirilip başlanypdyr.
Kawendiş bananyny terligine iýmek bilen birlikde, ony ýagda gowrup ýa-da blenderde owradyp, çörek we konditer önümlerini taýýarlamakda, şeýle hem dürli kokteýllere goşundy hökmünde ulanmak bolýar.
Bu görnüş uzak aralyklara daşamaga amatly bolany üçin, köplenç entek bişmedik, ýaşyl ýagdaýynda ýygnalýar. Doly bişen Kawendiş bananynyň hem eti, hem-de gabygy sary reňke geçýär. Has aşa bişen ýagdaýynda bolsa onuň gabygynda garamtyl-goňur tegmiller peýda bolýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.