Günorta Afrikaly ýazyjy Koral Hart emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly gysga wagtyň içinde uly edebi we täjirçilik üstünliklerini gazandy. Ol soňky 20 aýyň dowamynda emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen 371 sany kitap neşir edip, bir million amerikan dollaryndan gowrak girdeji gazandy.
Awtor tarapyndan taýýarlanan eserleriň umumy satuw mukdary bir million nusgadan geçdi. Neşir edilen kitaplaryň biri bolsa «Amazon» halkara söwda platformasynda iň köp satylýan 100 eseriň sanawyna girmegi başardy.
Edebiýat we neşirýat pudagynda 14 ýyllyk tejribesi bolan Koral Hart 2025-nji ýylyň fewral aýyndan başlap emeli aň tehnologiýalaryny işjeň öwrenmäge girişipdir. Ol bu ugurda toplan tejribesiniň esasynda doly göwrümli romanlary döretmäge ukyply özboluşly iş ulgamyny hem döredipdir.
Ýazyjynyň bellemegine görä, täze eseriň esasy mazmuny, edebi stili, gahrymanlaryň häsiýetleri we bölümleriň gurluşy ilki bilen onuň özi tarapyndan kesgitlenýär. Şondan soň emeli aň ulgamlary bu meýilnama esasynda romanyň doly tekstini taýýarlamak üçin takmynan 45 minut wagt sarp edýär.
Koral Hartyň gazanan netijeleri häzirki döwürde emeli aňyň döredijilik we neşirýat işinde ulanylyş mümkinçilikleriniň giňelýändigini görkezýär. Şeýle-de bu tejribe täze tehnologiýalaryň edebi eserleri taýýarlamak, neşir etmek we okyjylar köpçüligine ýetirmek işlerine ýetirýän täsirini aýdyň görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.