Daniýanyň meşhur ECCO brendiniň täze möwsümleýin toplumy Aşgabat şäherindäki «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän resmi dükanda alyjylara hödürlenip başlandy. Täze toplumda erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen krossowkalar, nusgawy aýakgaplar, sandallar hem-de deriden taýýarlanan sumkalar, guşaklar we gapjyklar bar.

1963-nji ýylda Daniýada düýbi tutulan ECCO kompaniýasy ýokary hilli deri önümçiligi we innowasion FLUIDFORM™ tehnologiýasy bilen dünýäde bellidir. Bu usul aýakgabyň daban bölegini ýelim we tikin ulanmazdan, takyk anatomiýa laýyklykda birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýewropada we Aziýada öz deri kärhanalary bolan ECCO kompaniýasy Türkmenistandaky alyjylara ýokary rahatlygy we çydamlylygy hödürlemegini dowam etdirýär.