
Gülşat Ömürkulowa, Hojambaz etrabynda ky 21-nji or ta mekdebiò mugallymy: Halkymyz daşky gurşawa, tebigata örän aýawly çemeleşip, ony hemişe gorap gelýär. Şoňa görä, sapaklarda okuwçylara ekologiýa medeniýeti öwredilýär. Ekologiýa meselesiniň häzirki döwrüň derwaýys ugurlarynyň hatarynda durýandygy bilen baglylykda, milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilip, ýaş nesle çuňňur ekologiýa biliminiň berilmegi, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň pugtalandyrylmagy örän möhümdir. Ekologiýa bilim bermek ekologiýa medeniýetliligini ösdürmegiň wajyp serişdesi bolup, ol ýaşlarda tebigata bolan dogry çemeleşmäni terbiýeleýär. Ýaş nesillerde şeýle endigiň bolmagy ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, ekologiýa innowasiýalarynyň ornaşdyrylmagynda gazanylýan netijelerde aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljek nesillere hasda gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Ekologiýa we daşky gurşaw baradaky düşünjeleri okuwçylara öwretmek bilen, olarda Watanymyza we tebigatymyza bolan buýsanjy terbiýeleýäris. Gözel tebigat ösümlik dünýäsinden, tebigy baýlyklardan, derýalardan, deňizlerden durýar. Şonuň üçin hem gözel tebigata mähir bilen garamak, baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak möhümdir. Tebigatyň suwy peýdalanylanda hem rejeli, tygşytly ulanylýandygyny okuwçylara düşündirýäris . Mälim bolşy ýaly, suwy tygşytly peýdalanmakda ekinleriň damjalaýyn usulda suwarylyşy ösdürilýär. Esasan hem, miweli baglar damjalaýyn usulda suwarylyp, suwuň tygşytlanmagyna we bol miwe hasylynyň alynmagyna peýdasynyň bardygy hakynda beýan edýäris. Şeýle mysallar okuwçylarda gözel tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryny gorap saklamak ýaly endikleri kemala getirýär.
Keywords