
Norwegiýanyň paýtagty Oslo Beýik Britaniýanyň iň uly kruiz kompaniýasy bolan «Iglu Cruise» tarapyndan düzülen dünýäniň iň «ýaşyl» şäherleriniň halkara reýtinginde birinji orny eýeledi. «Ýaşyl indeksi» düzmekde bagybossanlyklaryň paýy, jemgyýetçilik seýilgähleriniň sany we howanyň hili göz öňünde tutuldy. Şäher 77,3 bal almagy başardy. Bu görkeziji howanyň ýokary derejedäki tämizligi we ýaşaýjylaryň 95 göteriminiň «ýaşyl» zolaklara örän golaý aralykda ýaşaýandygy bilen şertlendirildi. Ikinji orunda 72,3 bal bilen Wilnýus şäheri ýerleşdi. Litwanyň paýtagtynyň meýdanynyň 61 göterimi «ýaşyl» zolaklar üçin bölünip berlipdir, şeýle hem şäherde 1,5 müň kilometre golaý pyýada we welosiped ýollary bar. Ilkinji onluga Helsinki, Wena, Kanberra, Sidneý, Stokgolm, Singapur, Reding we Mýunhen ýaly şäherler hem girdi. Hünärmenler syýahatçylaryň tebigy syýahata bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny we şäher durmuşy bilen tebigaty utgaşdyrýan ugurlary barha ýygy saýlaýandygyny belleýärler. Norwegiýanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri şeýle reýtingleriň Oslonyň ekologiýa taýdan arassa we durnukly şäher hökmündäki halkara abraýyny berkidýändigine ynanýarlar. Soňky ýyllarda paýtagtda syýahatçylyk akymynyň artmagy we myhmanhanalaryň dolulygy boýunça rekord görkezijiler hasaba alynýar.
Keywords