
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jumagül Annaýewanyň ýolbaşçylygynda 2010-njy ýylda esaslandyrylan Saýat etrabynyň Garamahmyt geňeşligindäki «Enaý» hususy kärhanasynda süýt önümleriniň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän önümler özüniň datly tagamy we tebigy arassalygy bilen tapawutlanyp, ilatyň harytlara bolan ösen islegini doly kanagatlandyrýar.
Döwrebap enjamlaşdyrylan bu kärhanada işçi-hünärmenleriň 10-a golaýy zähmet çekýär. Önümçilik bölümlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň kämil enjamlary oturdylan bolup, taýýarlanylýan önümleriň hil derejesine hem-de olaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna üns berilýär. Kärhananyň hasapçysy Maýsa Mämmetgulyýewanyň bellemegine görä, bu ýerde her gün şahsy hojalyklardan satyn alynýan sygyr süýdüniň 500 litri gaýtadan işlenilýär we dürli tagamly doňdurmalaryň 4 müňe golaýy öndürilýär.
Häzirki wagtda sarp edijilere doňdurmalaryň 20-den gowrak görnüşi hödürlenilýär. Esasanam tomus paslynda ýokary isleg bildirilýän miwe tagamly we maňyzly doňdurmalaryň özboluşly lezzeti bilen tapawutlanmagy ugrunda kärhananyň işgärleri çynlakaý zähmet çekýärler. Ýokary hilli «Enaý» doňdurmalary diňe bir welaýatyň çäginde däl, eýsem, Mary we Balkan welaýatlarynyň, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda nokatlarynda sarp edijilere yzygiderli ýetirilýär.
Hususy kärhananyň agzybir agzalary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy öňlerinde maksat goýýarlar we telekeçiligiň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän döwlet ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.
Keywords