
Etrap häkimliginde bize ilki gabat gelen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy Batyr Öwlýagulyýew boldy. Biz saglyk-amanlykdan soň, oňa işine yhlasly ýapyşýan tejribeli kärendeçi hakynda makala ýazmakçydygymyzy ýaňzytdyk. Ol:
— Örän oňat. Biziň işjeň agzalarymyzyň arasynda şeýle adamlar sanardan juda kän. «Lebap» daýhan birleşiginiň 9-njy kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Gurbanmyrat Jumaýew hem şolaryň biri. Gowusy, ýörüň, bile gideli, men şu wagt şonuň ýolbaşçylyk edýän kärende ýerine barýaryn — diýip, aýdanyndan soň, şol tarapa ýola düşdük.
Kärende ýolbaşçysyny uzak gözlemeli bolmady. Oňa ýoluň gyrasyndaky bugdaýly meýdanda gabat geldik. Onuň bar aladasynyň, oý-pikiriniň oba hojalygyny ösdürmekdigi, ene topragy gurplandyryp, hasyllylygy ýokarlandyrmakdygy aýdyň duýulýardy. Sebäbi Gurbanmyradyň sözi işden aýra çykanok. Geçen oba hojalyk möwsüminiň netijesi hem, onuň durmuş tejribesi hem muny doly subut edýär. Gurbanmyrat 1998-nji ýylda hojalygyň 12-nji kärendeçiler toparynyň meýdanyndan 5 gektar ýeri kärendesine alyp, gowaça ekýär. Ol maşgala agzalary bilen kärende ýerinde yhlas-mährini siňdirip işleýär. Dökünini, suwuny, bejergisini ýetirýär. Netijede ýylyň-ýylyna ekinden bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý edýär. Topraga, ekine ak ýürek bilen hyzmat etseň, ýokary hasyl alyp boljakdygyna göz ýetiren Gurbanmyrat şondan soň bar ünsüni, yhlas-gujuryny ene topraga gönükdirýär.
2006-njy ýylyň bahar aýlarydy. Gurbanmyrady daýhan birleşiginiň başlygy Akmyrat Bekpoladow ýanyna çagyryp:
— Gurbanmyrat, habaryň bardyr, 9-njy kärendeçiler toparymyzyň näme üçindir, görkezijileri peselýär. Köp oýlanyp, ahyry, seni topara ýolbaşçy bellemekligi makul bildik. Sebäbi sende yhlasam, gujuram, gaýrat-başarjaňlygam bar. Şonuň üçinem seniň bu işe hötde geljekdigiňe ynanýarys — diýdi.
Şol günüň ertesi Gurbanmyrat bilini berk guşap, bütin düýrmegi bilen işe girişdi. Toparyň düzümindäki kärendeçileriň 16-sy bilen hem aýratynlykda gürrüňdeş boldy, iş usulyny kämilleşdirmegiň ýollary barada pikir alyşdy.
Köp ýyllyk iş tejribesi bolan kärendeçiler bilen maslahatlaşyp, zerur işleri amala aşyrmaga başlady. Şeýlelikde ilkinji ýylyň hasyly garaşylan netijeden ýokary boldy. Gowaça ekilen meýdanyň her gektarynyň hasyllylygy 28 sentnere derek 32 sentnere ýetirilip, şertnamalaýyn borçnama artygy bilen berjaý edildi. Topar boýunça bugdaý ekilen 70 gektar ýeriň her gektaryndan hem meýilnamada görkezilen 23 sentnere derek 30 sentnerden geçirilip, guşgursak däne alyndy.
Ýyllar kerwen gurap, geçip dur. Gowaçadan, bugdaýdan alynýan hasyl barha ýokarlanýar. Kärendeçiler gitdigiçe jebisleşip, uly bir öndüriji güýje öwrüldiler. Indi olaryň hersi topraga, ekine hyzmat etseň, şondan ýokary hasyl alyp boljakdygyna göz ýetirdi. Netijede her ýyl alynýan ýokary hasyl, ýetilýän belent sepgit, gazanylýan bol girdeji toparyň agzalaryny önjeýli zähmete ruhlandyrdy. Maýsa Rozyýewa, Körpe Hydyrowa, Badam Mämmetdurdyýewa dagy geçen ýyl bugdaýyň her gektarynyň hasyllylygyny meýilnamada görkezilen 23 sentnere derek 40 sentnerden geçirip, bol hasyl almagy başardylar. Nazar Allaberdiýew, Bagdagül Allakulyýewa, Jumamyrat Seýidow ýaly pagtaçy kärendeçileriň hem gazanan netijeleri ýokary boldy. Olar gowaça eken meýdanynyň her gektarynyň hasyllylygyny meýilnamada görkezilen 28 sentnere derek 40 sentnerden geçirdiler. Toparyň gazanýan üstünliginde guramaçy Gurbanmyrat Jumaýewiň mynasyp paýy bar. Şeýle bolansoň, her bir işde onuň bilen maslahatlaşýarlar. Maslahatly biçilen don bolsa gysga bolmaýar. Kärendeçiler toparynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde goýan maksatlary has-da belent. Topar boýunça 64,4 gektar meýdana bugdaý ekilip, şondan meýilnamada görkezilen 23 sentnere derek 45 sentnere ýetirip, hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şeýle bolansoň kärendeçiler meýdana ýaraşyk berýän maýsalaryň idegini kemsiz ýetirýärler.
— Ata-babalarymyz: «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Çekýän zähmetim göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» diýen ýubileý nyşany bilen sylaglanyldym. Bu döwlet sylagy meniň mundan beýläk-de ak ýürekden zähmet çekmäge bolan höwesimi artdyrýar — diýip, Gurbanmyrat Jumaýew gürrüň berýär.
Keywords