
Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Halaç etrabynyň «Güneş» daýhan birleşiginiň edermen babadaýhanlary hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzyň altynsow çäjine mynasyp goşant goşmak maksady bilen gaýratly zähmet çekip, meýdanlara ýaraşyk berýän maýsalara göwnejaý ideg etmek, ýerleri gowaça ekişine ykjam taýýarlamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar.
Geçen ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirip, döwlete azyklyk däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny 130 göterim berjaý etmegi başaran hojalygyň hasyl ussatlary bugdaý ekilen 308 gektar meýdanda gowy hilli gögeriş gazandylar. Ekişden öň topraga mineral we ýerli dökünleriň garylyp berilmegi hem oňyn netije berdi. Ýaşajyk maýsalar ýerden saýlanan dessine olary garaşyk bilen gurşap aldylar. Häzirki günlerde ak ekinleri ikinji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suwarmak işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.
Hojalyga indi köp wagtdan bäri başarjaň oba hojalyk işgäri Şöhrat Seýtiýew ýolbaşçylyk edýär. Ol ýylyň haýsy pasly bolsa-da, hojalygyň işini göwnejaý ýola goýmagy başarýar. Şeýle bolansoň, güýzlüklere garaşyk etmek, ýaz ekişine taýýarlyk görmek işleri şu günler guramaçylykly alnyp barylýar.
Hojalykda gallaçy kärendeçileriň 34-si bar. Olaryň hemmesi hem tejribeli daýhanlar. Ekinlere garaşyk edip, idegini ýetirmekde Nobat Haýydow, Hakberdi Çopanow, Nazar Allakow, Maksat Jumanazarow dagy yhlasly zähmeti bilen kärdeşlerine nusgalyk görelde görkezýärler. Bu ussat kärendeçileriň geçen ýylky galla oragynda gazanan netijeleri hem guwandyryjy boldy. Olar her gektaryň hasyllylygyny 50 — 60 sentnere ýetirip, döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.
Daýhan birleşiginde pagtaçy kärendeçileriň 22-si bolup, olar hem şu günler gaýratly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda ýerler gowy hilli tekizlenilýär, ýuwuş suwy tutulýar. Hojalygyň işjanly pagtaçylary geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem ýokary netijeler bilen jemlediler. Olar pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny welaýatymyzda ilkinji bolup ýerine ýetirip, Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyny mynasyp sowgatly garşyladylar.
Bu ýerde 1-nji kärendeçiler toparynyň ussat kärendeçisi Döwletgeldi Allakowyň adyny hem guwanç bilen tutýarlar. Ol mundan 5 ýyl öň daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşyp, 15,5 gektar meýdanda bugdaýdyr gowaça ekdi. Geçen ýylda gowaça eken meýdanynyň her gektarynyň hasyllylygyny 15 sentnere derek 29 sentnerden geçirip, «ak altyn» ýygnamagyň hötdesinden gelen kärendeçi şu günler ýerlerini geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlamakda irginsiz zähmet çekýär. Bu işde oňa gelni Aknabat bilen ogly Azat ýakyndan kömek berýärler. Agzybirlikli çekilen zähmet bolsa, mydama özüniň gowy netijesini berýär.
Biz döşi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» diýen ýubileý medally Şöhrat Seýtiýewe öňümizdäki möhüm möwsümde hem uly zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.
Keywords