
Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy. 2022-nji ýyldan bäri dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy. Şol bir wagtyň özünde Hytaýyň we Braziliýanyň ilaty azaldy, global ösüşe bolsa esasy goşandy Hindistan we Nigeriýa goşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna esaslanyp taýýarlanan infografika ilatyň ýurtlar boýunça paýlanyşyny görkezýär: Hindistan dünýäde birinji orny eýeleýär we 1,5 milliard adam sepgidine golaýlaýar. 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýurduň ilaty, takmynan, 53 million adam artdy, emma her zenana düşýän çagalaryň sany 1,9-a çenli peseldi. Garaşylýan ömür dowamlylygy 72 ýaşdan geçdi, bu bolsa 2000-nji ýyldakysyndan, takmynan, 10 ýyl köpdür. Hytaý 1,4 milliarddan gowrak ilaty bilen ikinji orny eýeleýär. 2022-nji ýyldan bäri onuň ilatynyň sany öňküden 36 million adam azaldy. 2023-nji ýylda Hindistan Hytaýdan öňe geçdi. Muňa sebäp bolan faktorlaryň biri-de arasynda ilatyň garramagy we dogluşyñ rekord derejede pese düşmegidir. Gyrgyzystanyň Ysykköl oblastynyň Ak-Suu raýonynda «Ala-Too Rezort» atly ägirt uly dag-lyža toplumynyň taslamasy durmuşa geçirilýär. «Bu toplumyň her ýylda iki milliona çenli syýahatçyny kabul etmeklige mümkinçiligi bolar» diýip, Sputnik Gyrgyzystan neşiri habar berýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynda işler Žyrgalan, Boz-Uçuk we Ak-Bulak sebitlerinde alnyp barylýar. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow mundan ozal «Ala-Too Rezort» toplumyny halkara derejeli we ýylboýy işleýän kurorta öwürmegiň meýilleşdirilýändigini aýdypdy. Tebigy we emeli garyň utgaşdyrylmagy netijesinde bu toplum ýylyň ýedi aýynda hyzmat edip biler. «Ala-Too Rezort» döwlet kärhanasynyň direktory Žarkynbek Maksutowyň sözlerine görä, şu ýylyň dekabr aýynda dag-lyža bazasyny we alty sany kanat ýoluny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu taslama Russiýanyň hyzmatdaşlary, şol sanda Altaýdaky «Manžerok» kurortynyň hünärmenleri hem gatnaşýarlar. Taslamanyň çäginde, takmynan, 250 kilometr lyža ýoluny çekmek, etno-oba, sagaldyş toplumlaryny we myhmanhana düzümlerini gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm bu ýerde 20 ýurtdan gelen türgenleriň gatnaşmagynda friraýd boýunça halkara ýaryşy hem geçirildi. Taslama ýolbaşçylarynyň berýän bahasyna görä, täze kurort Russiýadan, Ýewropadan, Hytaýdan we GDA ýurtlaryndan geljek syýahatçylaryň arasynda uly islegden peýdalanar. www.tmcars.tm Ýer ýüzüniň ilaty nähili paýlanýar? ABŞ 2025-nji ýylda 347 million ilaty bilen 3-nji orny eýeleýär. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli ýaşlaryň sanynyñ köplügi sebäpli, ilatynyň sany iki esse artyp biljek Nigeriýa ABŞ-dan öňe geçer. Ýewropada demografik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Mysal üçin, Italiýanyň ilaty dört ýyldan hem az wagtyň içinde bir milliondan gowrak, Gresiýanyňky bolsa, takmynan, 400 müň adam azaldy. Bu ýurtlaryň ikisi hem ilatynyň ortaça ýaşy iň ýokary bolan döwletlere degişlidir — degişlilikde 48 we 47 ýaş.
Keywords