Hytaýda öndürilen «Adora Flora City» atly ikinji iri kruiz gämisi Şanhaý şäherinde geçirilen resmi dabarada müşderä tabşyryldy. 9-njy noýabrda gämi Şanhaý portundan öz esasy duralgasy ýerleşýän Guançžou şäherine tarap ýola çykdy.

«Turkmenistaninfo» neşiriniň habar bermegine görä, ýolagçylyk wagtynda gäminiň synag ýüzüşi geçiriler. Bu synagyň dowamynda kruiz gämisiniň adaty täjirçilik ulanylyşyna meňzeş şertlerde ýolagçylara toplumlaýyn hyzmatlary hödürlemek mümkinçiligi barlanar.

«Adora Flora City» gämisiniň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň uly ölçegleridir. Gäminiň uzynlygy 341 metre deň bolup, bu görkeziji hatara düzülen üç sany adaty futbol meýdançasynyň uzynlygyndan hem geçýär.

Gämide jemi 2 130 sany ýolagçy otagy ýerleşdirilip, ol bir wagtyň özünde 5 200-den gowrak adamy kabul etmäge niýetlenendir. Bu mümkinçilik gury ýerdäki ortaça bäş ýyldyzly alty sany myhmanhananyň kuwwatyna deňeşdirilýär.