
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly wezipasyna Seýed Mostafa Hosseýnipur bellenildi. Täze diplomatyň iş başyna başlamazdan ozal Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşandygy we ministriň oňa konsullygyň alyp barmaly esasy ugurlaryny kesgitlep berendigi mälim edildi. Bu barada Eýranyň hökümetiniň X sosial torundaky sahypasynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Abbas Arakçi eýran-turkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady, ulag-üstaşyr we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurlygyna ünsi çekdi.
Belläp geçsek, serhetdeş Eýran bilen Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda energetika, ulag we söwda pudaklarynda işjeň gatnaşyklary saklap gelýär. Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsullygy Aşgabatdaky ilçihana bilen birlikde ýurdumyzdaky esasy diplomatik wekillikleriň biri bolup durýar.
Keywords